Kawasaki ýapon kompaniýasy şahsy ulaglaryň täze görnüşini – CORLEO atly demir aty hödürledi. Bu «motosiklde» tigirleriň deregine, çeýe asma ulgamy bolan dört sany aýak bar. Ol eýeri, üzeňňidäki aýak bilen dolandyryşy we hereket ediş usuly bilen at çapmagy ýada salýar. CORLEO konsepti Osaka şäherinde (Ýaponiýa) geçiriljek EXPO 2025 sergisinde görkeziler. Häzirki wagtda diňe enjamyň kompýuter animasiýasy bar. Kawasaki-niň aýtmagyna görä, CORLEO «sürmekden lezzet alýanlar» üçin örän gymmatly bolar. Oňa münen adam özüni ulagyň bir bölegi ýaly duýýar. Ony meýdanlarda we daglyk ýerlerde ýokary tizlikde çapyp bolýar, şeýle hem dik eňňitlere, daglara çykyp, jülgelerden we derelerden böküp bolýar. CORLEO-nyň herekete getiriji ulgamy elektriklidir. Energiýany 150 sm³ göwrümli wodorod hereketlendirijisi öndürýär. Emeli aň tarapyndan dolandyrylýan «demir at» hemişe eýeriň we oňa münýäniň deňagramlylygyny saklaýar. Aýaklarynyň ujundaky rezinden we plastikadan ýasalan toýnaklary dürli şertlerde-de ýere berk ýapyşýar. CORLEO-ny rul, üzeňňi, şeýle-de eýerde bedeniň ýagdaýyny üýtgetmek arkaly dolandyryp bolýar. Enjam paneli ýoluň ugrundaky belgileri görkezýär we garaňkyda hereket etmäge kömek edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir