Mercedes-Benz 2025-nji ýylyň täzelenen «S-Class» modelini hödürledi. Täze modelde şahsylaşdyrma mümkinçilikleri giňeldildi, multimediýa ulgamyna täzelenmeler girizildi we Drive Pilot awtopilot ulgamy kämilleşdirildi. Indi şertli awtonom sürüş ulgamy Germaniýanyň awtobanlarynda sagatda 95 km-e çenli tizlikde işläp bilýär. Drive Pilot 35-den gowrak sensordan peýdalanýar, olaryň arasynda LiDAR hem bar. Ulgam dolandyryşy öz üstüne alyp bilýär, bu ýagdaýda sürüji başga iş bilen hem meşgullanyp biler. Zerur ýagdaýda, ulgam dolandyryşy sürüjä gaýtaryp berýär ýa-da howpsuz ýagdaýda saklanýar. Täze «S-Class» modeliniň MBUX interfeýsi kämilleşdirildi, ChatGPT we Bing integrasiýasy arkaly gepleşik we gözleg mümkinçilikleri goşuldy. Şeýle hem Google tarapyndan hemra nawigasiýasy girizildi. Yzky oturgyçdaky ýolagçylar indi RIDEVU arkaly film görüp bilerler. Kompaniýanyň metbugat gullugynyň beýannamasyna görä, Manufaktur maksatnamasy 50-den gowrak täze kuzow reňkini we 25 sany salon bezeg görnüşini hödürleýär. «Edition» atly ýörite görnüşine AMG elementleri we premium ses ulgamy goşuldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir