“Awatar: Aang hakynda rowaýat” (Аватар: Легенда об Аанге) serialynyň ikinji möwsümi 2026-njy ýylyň başynda çykar. Bu maglumatlar bilen Tof Beýfongyň keşbini ýerine ýetiren aktrisa Miýa Çeh The Direct-yň žurnalistleri bilen paýlaşdy. Serialyň sýužeti tebigatyň dört elementine: suwa, oda, ýere we howa erk edýän 12 ýaşly Aang barada gürrüň berýär. Ol dostlary bilen bilelikde ýüzýyllyk urşuň sebäbi bolan ot hojaýynyna garşy göreşýär. Serialyň birinji möwsümi 2024-nji ýylyň fewralynda Netflix-de çykdy. Baş keşpleri Deniel De Kim (“Diri galmak”), Ken Lýun (“Rush Hour”), Pol Li (“Mandalorly”) we beýlekiler ýerine ýetirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir