“Alrosa” kompaniýasy Russiýanyň taryhynda iň uly göwheri granlamagy tamamlady. Gymmat bahaly daşyň ady "Täze Gün". Granlanmazdan ozal, diýseň uly göwheriň agramy 200 karatdy. Ol Arktikanyň Ebel külke jynslar käninden gazylyp alyndy. Göwher altynsow reňki bilen tapawutlanýar. Granlamak üçin zergärlere iki ýyldanam gowrak wagt gerek boldy. Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, bu işe 15 hünärmen gatnaşdy. Taýýar göwheriň agramy 100 karatdan geçdi. “Alrosa” “Täze Güni” “soňky ýyllarda gymmat bahaly daşlar pudagynda bolup geçen iň möhüm wakalaryň biri” diýip atlandyrdy. “Alrosa” göwher gazyp almagyň möçberleri we onuň ätiýaçlyklary boýunça dünýäniň iň iri kompaniýalarynyň biridir. Onuň esasy baýlyklary Saha Respublikasynda (Ýakutiýa) we Arhangelsk oblastynda ýerleşýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir