Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Kambojanyň Patyşasy Norodom Siamonä we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Kamboja Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny, Türkmenistanyň olaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini belläp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Norodom Siamonä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Kamboja Patyşalygynyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir