BMW «Alpina 7 Series» sedanyny gaýtadan çykarmaga taýýarlanýar. «Alpina B7» modeliniň önümçiligi 2022-nji ýylda bes edilipdi, ýöne Alpina brendi BMW-niň düzümine geçensoň, Mýunheniň inženerleri meşhur hatary dikeltmäge karar berdiler. Täze modeliň birnäçe wersiýasynyň çykarylmagy meýilleşdirilýär, şol sanda iň güýçli benzinli görnüşi hem bolar. Täze Alpina modeli 2027-nji ýylda resmi taýdan hödürlener. Bu häzirki nesil «BMW 7 Series-iň» (G70) 2026-njy ýylda restaýling edilmeginden bir ýyl soň bolar. G72 indeksi bilen çykjak täze model, 617 at güýjündäki V8 S68 hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylar we ýumşak gibrid ulgamy bilen üpjün ediler. Bu model ozalky «Alpina B7» (591 at güýji) hem-de öňki flagman «M760i V12» bilen deňeşdirilende has güýçli bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir