Tesla-nyň Giga Berlin-Brandenburg zawodynda 500 müňünji Model Y krossoweri öndürildi. Bu barada Ilon Maskyň kompaniýasy öz sosial torundaky sahypasynda habar berdi we bu waka bagyşlanyp geçirilen dabaradan bir surat paýlaşdy. Zawod 2022-nji ýylyň 22-nji martynda açylypdy. 500 müňünji Model Y-ni öndürmek üçin zawoda 1100 günden gowrak wagt gerek boldy. Giga Berlin önümçilik tizligi boýunça Tesla-nyň Hytaýdaky Giga Shanghai zawodyna garanyňda haýal. Häzirki wagtda zawodda diňe Model Y öndürilýär. Bu model Ýewropanyň iň meşhur elektrikli awtoulaglarynyň biri, şeýle-de şäheriň içindäki elektrokarlaryň arasynda lider. Zawodyň ýolbaşçysy Andre Tierigiň aýtmagyna görä, bu zawodda öndürilýän awtoulaglar diňe bir Germaniýa däl, eýsem başga-da 37 ýurda eksport edilýär. 2025-nji ýylyň täze awtoulaglaryna bolan islegiň ýokarlanmagy bilen, Tesla Berlindäki gigafabrigiň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir