2-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saudy kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda özara söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutýan ugurlarynyň hataryndadyr. Döwletimiz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli iş alyp barmak üçin hemişe açyk bolup, häzirki wagtda amala aşyrylýan toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalar netijeli gatnaşyklary giňeltmäge amatly şertleri döredýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Saud Arabystany Patyşalygy tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurtlardyr. Bu bolsa ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler nebiti we gazy çykarmak, gaýtadan işlemek hem-de olary dünýä bazarlaryna ýetirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmekde ýurtlarymyzyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler. Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir