21-nji martda çykan “Garpamyk” (Белоснежка) remeýki prokatda şowsuz boldy. Analitikler Disney-iň kassa ýygymlarynyň gowşaklygy sebäpli 115 mln dollar ýitirjekdigini çaklaýar diýip, Deadline belleýär. Baş keşpleri Reýçel Zegleriň we Gal Gadotyň ýerine ýetirmegindäki film iki uikendiň dowamynda 140 dollar töweregi girdeji gazandy. Bu marketing çykdajylaryny hasaba almazdan, 250 mln dollarlyk býujeti bolan film üçin örän gowşak netijedir. Analitikler filmiň ahyrky girdejisi 225 mln dollara ýeten ýagdaýynda, Disney-iň 115 mln dollar ýitirjekdigini hasaplady. Film öz çykdajylarynyň diňe ýarysyny ödäp biler. Bilermenler filmiň ýitginiň öwezini dolup biljek merçandaýz ýa-da tematiki seýilgähler üçin hem laýyk gelmejekdigini belleýär. Bu ýagdaýy tomaşaçylaryň negatiw garaýşy has ýaramazlaşdyrýar. Köp sanly pes bahalar sebäpli IMDb platformasynda filmiň ortaça baly 10-dan 1,5 bala çenli pese gaçdy. Bu bolsa filmiň çykdajylary ödemek mümkinçiligini has azaldýar.