ABŞ-nyň taryhynda ilkinji gezek ýel we Gün ýaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri kömürden köp elektrik energiýasy öndürdi diýip, «The Verge» neşiri habar berýär. «Ember» analitika merkeziniň berýän maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda kömür energiýasynyň paýy rekord derejede 15%-e düşdi, ýöne şol bir wagtda ýel we Gün energiýasynyň paýy 17%-e ýetdi. Gün energiýasy ABŞ-da iň çalt ösýän elektrik çeşmesine öwrülip, täze gurlan energiýa kuwwatlyklarynyň 81%-ini üpjün etdi. 2024-nji ýylda onuň kuwwaty rekord derejede – 31 GWt artdy. Şeýle-de ABŞ-da Gün panellerini öndürýän kärhanalaryň kuwwaty hem 190% ýokarlandy. Bu ugurda öňdeligi eýelän ştat bolsa, nebit-gaz senagaty bilen tanalýan Tehas boldy. Ýel energiýasy has pesräk ösüş gazananam bolsa, ol henizem ýurduň elektrik energiýasynyň, takmynan, 10%-ini üpjün edýär. Şeýlelikde, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ABŞ-nyň taryhynda ilkinji gezek kömürden köp energiýa öndürmäge mümkinçilik berdi. Ösüşiň nähili depginde öňe barýandygyny deňeşdirmek islesek, 2018-nji ýylda kömürden alnan energiýanyň, bu iki çeşmäniň şol wagt öndüren umumy energiýasyndan üç esse köp bolandygyny belläp geçmek ýeterlik bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir