Ilon Mask OpenAI startapynyň gurluş düzüminiň üýtgedilmeginiň öňüni almak we hatda gadagan etmek üçin, geçen ýyldan bäri kazyýete ýüz tutup gelýär. Eger-de bu çäre amala aşyrylsa, kompaniýanyň täjirçilik maksatly iş düzgünine geçmegi mümkin bolar, şeýle-de ösüş üçin zerur serişdeleri tapmak öňküsinden has aňsatlaşar. Oklend etrap kazyýetiniň (Kaliforniýa ştaty, ABŞ) kazysy Iwon Gonzalez Rojers, Maskyň talaplaryny ret etdi diýip, «Reuters» habar berýär. Sebäp hökmünde Maskyň ýeterlik esasly delilleriniň ýokdugy aýdyldy. Şeýle-de bolsa, kazyýet işi heniz doly tamamlanyp baranok, ýylyň ahyryna çenli ýene bir kazyýet diňlenşigi geçiriler. Maskyň tarapdarlary bu karar üçin hoşallyk bildirdiler. Milliarderiň adwokaty Mark Toberoff, Mask tarapyndan haýyr-sahawat üçin berlen serişdeleri, OpenAI-yň ýolbaşçysy Sam Altmanyň öz şahsy bähbitleri üçin ulanandygyny subut etmäge umyt bildirýändigini aýtdy. Mask hem bu serişdeleri «jemgyýetiň bähbidi» üçin berendigini öňe sürmäge dowam edýär. Ilon Mask bilen OpenAI-yň esaslandyryjylarynyň arasyndaky düşünişmezlik, 2018-nji ýylda Maskyň startapdan aýrylmagyna sebäp boldy. Mask OpenAI-yň hemişe täjirçilik däl (girdeji gazanmagy özüne maksat edinmeýän) gurama hökmünde galmagyna garaşandygyny, ýöne kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň barha täjirçilik ugruna tarap çekilendigini aýdýar. Ol geçen dekabrda kazyýete ýüz tutup, OpenAI-yň restrukturizasiýasyny saklamak we täjirçilik maksatly gurluşa geçmeginiň öňüni almak isländigini mälim etdi. Häzirki wagtda kompaniýa maksatlary täjirçilik bolmadyk direktorlar geňeşi ýolbaşçylyk edýär, bu bolsa startapa maýadarlary çekmekde kynçylyk döredýär. OpenAI bolsa yzygiderli ösüş üçin maliýe serişdelerine mätäç bolansoň, restrukturizasiýa zerur hasap edilýär. OpenAI-yň kazyýetdäki wekilleri, startapyň täjirçilik maksatly ugra geçmegine Maskyň ozal garşylyk bildirmändigini we muny arhiw ýazgylary bilen subut edip boljakdygyny aýtdylar. OpenAI-yň ýolbaşçylary Maskyň indi garşylyk görkezmegini bolsa, 2023-nji ýyldan bäri generatiw emeli aň bazarynda, onuň öz xAI atly startapy bilen bäsdeşlik etmek islegi bilen düşündirýärler.