Volkswagen geljekki arzan elektromobili bolan ID. Every1-iň nusgasyny görkezdi. Kiçi göwrümli we bäş gapyly bu model 250 kilometrlik ýol ätiýaçlygy bilen üpjün ediler hem-de 20 müň ýewrodan satuwa çykar diýip, «Motor1» neşiri belleýär. Awtoulagyň uzynlygy 3880 mm bolup, «VW Polo» modelinden kiçiräk bolsa-da, gurluş aýratynlyklary sebäpli, salonyň giňligi gazanylypdyr. Model öňki tirkegli «MEB» platformasynda gurlup, 95 at güýjüni öndürýän elektrikli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. Ýol ätiýaçlygy – 250 km, iň ýokary tizligi bolsa – 130 km/sag. Elektromobiliň dizaýny geometrik çyzyklary we aýratyn teker arkalary bilen tapawutlanýar. Muňa garamazdan, model örän ýakymly görünýär. Yzky sütünleriň bezeginde nusgawy «VW Golf» modeline bolan salgylanmalar göze ilýär. Salony bolsa gurnalyp-aýrylýan interýer bilen üpjün edilen. Şeýle-de oturgyçlaryny hem ýere tekiz ýatyryp bolýar. Enjamlaşdyrylyşynda uly merkezi ekran, howa sazlaýjy üçin fiziki düwmeler hem-de mehaniki sazlaýjylary bilen burçly rul bar. «ID. Every1» modeli Volkswagen-iň arzan elektromobilleriniň model hataryny giňeltmek strategiýasynyň bir bölegi bolar. Geljekki ýyllarda kompaniýa, «ID. 2all» konseptiniň seriýa wersiýasyny hem-de jemi dokuz sany täze modeli çykarmagy meýilleşdirýär. Arzan elektromobilleriň çykarylmagy, konserni maliýe taýdan kadalaşdyrmagyň bir usuly hökmünde görülýär. Ulagyň önümçiligine başlamak 2027-nji ýyla meýilleşdirilýär.