Amazon Prime Video akym hyzmaty emeli aňyň kömegi bilen wideo mazmunlary dublýaž etmek funksiýasyny işe girizdi. Bu barada kompaniýanyň resmi web sahypasynda habar berildi. EA-dublýaž häzirlikçe synag tertibinde elýeterli. Tehnologiýa 12 filmde we serialda barlagdan geçirilýär, olaryň arasynda «Rysar barada hekaýat» (Легенда о рыцаре) ispan multfilmi, maşgalalar üçin «Meniň ejem – totyguş» (Моя мама — попугай) fentezi-dramasy we «Öňden ýitirilen» (Давно потерянный) trilleri bar. Häzirki wagtda tehnologiýa diňe iňlis dilini we Latyn Amerikasynyň ispançasyny goldaýar. Geljekde bu funksiýany başga dillerde-de elýeter etmek meýilleşdirilýär. «Biz Prime Video-da müşderi tejribesini amaly we peýdaly EA innowasiýalary arkaly gowulandyryp boljakdygyna ynanýarys. EA-dublýaž diňe adaty dublýažy bolmadyk eserler üçin elýeterli. Biz seriallary we filmleri has elýeterli we lezzetli etmek üçin, täze usullary öwrenmäge çalyşýarys» — diýip, tehnologiýalar boýunça wise-prezident Raf Soltanowiç aýtdy.