General Motors Hytaýda 2026-njy ýylda öndürilen Cadillac Lyriq-V-ni hödürledi. Bu diňe bir V-Series-iň hataryndaky ilkinji elektrik awtoulagy bolman, eýsem, Tesla Model X Plaid-e we BMW iX M60-a garşy durmaga taýyn bolan, brendiň taryhynda iň güýçli, iň çalt elektrik ulagydyr. Krossower 880 Nm torkly 615 at güýjüni öndürýän gurluşy aldy. Sagatda 100 km tizlige bary-ýogy 3,3 sekuntda çykýar. Model sport korpusy, 22 dýuým tekerler, täzeden sazlanan podweska we Ultium batareýasy bilen enjamlaşdyrylandyr. Içinde premium materiallar, eksklýuziw bezeg we AKG ses ulgamy bar. Önümçilik Şanhaýdaky adaty Lyriq-iň öndürilip ýören SAIC-GM zawodynda ýola goýlar. Lyriq-V 2026 ilkinji global V-Series modelidir. Hytaýda 2025-nji ýylda satuwa başlamak meýilleşdirilýär we soňra elektrokar beýleki ýurtlarda hem peýda bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 15 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir