Toyota Hytaýda Bozhi 3X (bZ3X) täze elektrokrossowerini çykardy. Bu model Toyota bilen GAC hytaý kompaniýasynyň bilelikdäki taslamasynyň çäginde döredildi. Öňünden sargytlary kabul etmeklik geçen ýylyň ahyrynda başlandy, emma bazara çykarylan gününde isleg örän ýokary boldy – bary-ýogy bir sagadyň içinde 10 müňden gowrak ulag satyldy. Islegiň şeýle ýokary bolmagy hatda kompaniýanyň sargyt ulgamynyň çökmegine getirdi. Bozhi 3X iki görnüşde hödürlenýär: Esasy («non-smart») – bäş konfigurasiýa, bahasy 109 müň 800 ýuandan (takmynan, 15 müň dollardan ) başlaýar; Ösen («smart») – 149 müň 800 ýuandan (takmynan, 20 müň 500 dollardan) başlaýar. Iň ýokary modelde 67,92 kWt·sag sygymly LFP batareýasy bar we Hytaýyň CLTC ölçegine görä, bir gezeklik zarýad bilen 610 km ýol geçýär. Esasy model 50,03 kWt·sag batareýa bilen enjamlaşdyrylan. Onuň batareýasy bolsa doly zarýad bilen 430 km ýol geçmäge mümkinçilik berýär. Ölçegleri: 4600×1875×1645 mm, teker bazasy – 2765 mm. Awtoulag gara, çal, gülgüne we altynsöw reňkleri hem hasaba almak bilen, jemi ýedi dürli reňkde hödürlenýär. Mundan başga-da alyjylara 18 ýa-da 19 dýuýmlyk tigir diskleri hödürlenýär. Elýeter bahasyna garamazdan, Toyota bZ3X häzirki zaman tehnologik aýratynlyklary bilen tapawutlanýar: ähli modeller Snapdragon 8155 çibi bilen üpjün edilen; ösen awtopilotly wersiýada güýçli NVIDIA Drive AGX Orin X (254 TOPS) prosessory esasynda işleýän Momenta 5.0 ulgamy bar; merkezi multimediýa ekran – 14,6 dýuým; sanly panel – 8,8 dýuým; ösen ses dolandyryş ulgamy; iki şahaly köp funksiýaly rul; 27 sensor, şol sanda lidar, üç millimetrlik radar we 11 HD kamera; sürüjiniň kömekçi ulgamlarynyň 25 döwrebap funksiýasy (ADAS). Arzan bahasy we tehnologik aýratynlyklary bilen Bozhi 3X modeli Tesla Model Y we BYD Song Plus ýaly ulaglar üçin güýçli bäsdeşe öwrüldi.