Kýortin uniwersitetiniň barlagçylary Günbatar Awstraliýada 3,5 milliard ýyl ozal emele gelen iň gadymy meteorit kraterini tapdylar. Bu barada Nature Communications žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar. Krater Marbl-Baradan, takmynan, 40 km uzaklykda ýerleşýän Pilbara sebitinden tapyldy. Barlagyň şärikdeş ýolbaşçysy professor Tim Jonson: "Biziň açyşymyzdan ozal, urgudan dörän iň gadymy kratere 2,2 milliard ýyl bolupdy. Şonuň üçinem täze krater häzire çenli Ýer ýüzünde tapylan iň gadymy kraterdir" -diýdi. Sagatda 36 müň km-den hem gowrak tizlik bilen Ýere gelip urlan meteorit ini 100 km-den gowrak krateri emele getiripdir. Alymlar muny “bölekleriniň konuslary” - diňe güýçli urgular wagtynda ýüze çykyp bilýän üýtgeşik gurluşlary boýunça kesgitlediler. "Aýa gözegçilikleriň esasynda irki Gün ulgamynda iri çaknyşyklaryň adaty ýagdaý bolandygyny bilýäris" -diýip, Jonson sözüniň üstüni ýetirdi. Bu açyş şeýle urgularyň Ýeriň gabygyny we ilkinji yklymlary emele getirip biljekdigini tassyklaýar. Makalanyň bilelikdäki awtory professor Kris Kirkland: "Bu urgynyň açylmagy we wagtyň şol bir döwrüniň beýleki yzlarynyň tapylmagy ýaşaýşyň nähili ýüze çykyp biljekdigi barada köp zady düşündirip bilerdi, sebäbi urgy kraterleri gyzgyn suw howuzlary ýaly, mikrob durmuşy üçin amatly şertleri döredipdirler ... Bu hatda yklymlaryň esasyna öwrülen kratonlaryň - iri, durnukly ýer meýdanlarynyň döremegine getiren bolmagy hem mümkin" -diýip belleýär. Dinozawrlary ýok eden Çikşulub (66 million ýyl ozal) bilen deňeşdirilende, bu meteorit birneme kiçi bolupdyr, ýöne onuň netijesi ýaşaýşyň döremegine esas bolup biler. Alymlar Ýer ýüzünden henizem köp şunuň ýaly kraterleriň tapylmalydygyna ynanýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 15 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir