Şu gün - 8-nji martda Türkmenistanda Halkara zenanlar güni giňden bellenilip geçilýär. Baýramçylyk mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky seýilgählerde, medeni we bilim ojaklarynda aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri, çeperçilik sergileri, bäsleşikler, döredijilik duşuşyklary guralýar. Bahar paslynyň ilkinji günlerinde bellenilýän bu baýramçylyk bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň enelerini, ähli gelin-gyzlaryny gutlady. Gutlag haty metbugatda çap edildi. Döwlet Baştutany gutlagynda türkmen zenanyny maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy, öý-ojaklaryň ýaraşygy diýip atlandyrýar. "Bu gün türkmen gelin-gyzlary watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepalylyk, asyllylyk, pähim-paýhaslylyk, salyhatlylyk ýaly milli häsiýetleri nusga edinip, halkymyzyň abraýyny, mertebesini dünýäde has-da belende göterýärler" - diýip, Serdar Berdimuhamdow belleýär. "Eziz Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelerde, gazanylýan uly üstünliklerde enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň saldamly goşandy bardyr. Olar jemgyýetimizde düýpli özgertmeleri amala aşyrmakda, kabul eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda döredijilikli we tutanýerli zähmet çekýärler. Biz gelin-gyzlarymyzyň ruhy, zehin we ahlak mümkinçiliklerine ýokary baha berip, olaryň jemgyýetçilik bähbitli başlangyçlara, oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine, jemgyýetde demokratik, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine, medeni gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň goralyp saklanylmagyna hem-de ösdürilmegine işjeň gatnaşmaklary üçin ähli zerur şertleri döredýäris" diýip, döwlet Baştutany belleýär.