7-nji martda Aşgabatda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreleriň çäklerinde sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary boldy diýip, TDH habar berýär. Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda tutuş ýurdumyzda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, olaryň düzümleýin bölümlerinde, kärhanalarda, guramalarda, eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalarda zenanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Däp bolşy ýaly, pul sowgatlaryny gelin-gyzlaryň ählisi, şol sanda talyp gyzlar, mekdepde okaýan hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzjagazlar aldylar. Düýn şeýle hem Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konserti boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir