Resilience kosmiki gämisiniň Aýyň üstüne gonmagy 2025-nji ýylyň 6-njy iýuny gijesine, Aşgabat wagty bilen sagat 00:24-de meýilleşdirilýär. Bu barada Ýaponiýanyň ispace kompaniýasynyň wekilleri habar berdiler. Resilience gonuş moduly Sowuk deňziniň demirgazyk bölegine gonar. Apparat öz bortunda alty görnüşli ýüki elter: · Aýdaky suwotulardan azyk önümlerini öndürmek boýunça synaglar üçin moduly, · Aý regolitini ýygnamak üçin enjamlar, · Tenacious Aý rowerini, · suw elektrolizi üçin enjamlary, · radiasiýa datçigini · Bandai Namco, Inc. barlag instituty tarapyndan döredilen ýadygärlik nyşany.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir