Apple kompaniýasy täze nesil MacBook Air noutbuklaryny tanyşdyrdy. Täze modeller M4 çibi bilen enjamlaşdyrylyp, öňki nesillere garanyňda diňe bir has güýçli bolman, eýsem has arzan bahadan hödürlenýär. Noutbuklaryň daşky dizaýny o diýen üýtgemedi – öňküsi ýaly inçe we fansyz korpus saklandy. Öňden bar bolan reňklere (kümüşsöw, altynsöw we goýy gök) goşmaça «asman gök» atly täze reňk goşuldy. Täze MacBook Air M4 modelleri 13,6 dýuýmlyk we 15,3 dýuýmlyk ekran bilen gelýär. Ekranlaryň ýagtylygy 500 nit bolup, olar 10-bit reňk çuňlugyny, True Tone tehnologiýasyny we P3 reňk giňişligini goldaýar. Esasy täzelik – 10 ýadroly prosessory, 8 ýa-da 10 ýadroly grafiki prosessory we 32 GB çenli operatiw ýady (RAM) bolan M4 çibidir. Noutbuklaryň ekranynda 12 MP kamera ýerleşdirilip, ol Center Stage (wideo jaň wagtynda sizi kadryň merkezinde saklaýar) we Desk View (iş stoluňyzyň şekilini görkezmäge mümkinçilik berýär) funksiýalaryny goldaýar. Täze MacBook Air M4, M1 çipli modellere garanyňda iki esse güýçli, emeli aň bilen baglanyşykly amallarda bolsa üç esse çalt işleýär. Noutbuklar Thunderbolt 4 portlary bilen üpjün edilip, MagSafe zarýad beriş ulgamyny goldaýar we 6K çözgütli iki ekrana çenli birikdirip bolýar. Batareýasynyň ömri 18 sagada çenli işlemäge mümkinçilik berýär. Bahalary: 13 dýuýmlyk model – 999 dollardan başlaýar 15 dýuýmlyk model – 1199 dollardan başlaýar Täze MacBook Air üçin öňünden sargytlar eýýäm kabul edilýär. Noutbuklar 12-nji martdan başlap dükanlarda satylyp başlanar. Цены: 13-дюймовый – от 999 долларов, 15-дюймовый – от 1199 долларов. Предзаказы уже принимаются. В магазинах ноутбуки появятся 12 марта.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir