Volvo kompaniýasy täze modelini – ES90 elektromobilini hödürledi we ony täze synpyň kerwenbaşysy hökmünde häsiýetlendirdi. Uly göwrümli we bäş gapyly awtoulag ýerden 203 mm beýiklikde bolup, üç dürli kuwwatly ulgam bilen üpjün edilýär. Ol bir gezeklik zarýad bilen 700 kilometre çenli ýol geçip bilýär. Ýewropanyň käbir ýurtlarynda sargyt eýýämden kabul edilip başlandy diýip, «Autocar» neşiri habar berýär. Volvo ES90 daşky görnüşi boýunça sedan ýaly görünse-de, aslynda ol ýerden beýikligi artdyrylan bäş gapyly liftbekdir. Bu bolsa onuň bir awtoulagda üç dürli görnüşiň artykmaçlyklaryny utgaşdyrýandygyny görkezýär, şol sanda-da krossowerleriň häsiýetlerini öz içine alýar. 3,1 metrlik teker bazasy bilen ES90-nyň ýük goýulýan bölümi 733 litr göwrüme eýe, üstesine-de, öň tarapdaky kapotyň aşagynda goşmaça 22 litr ýük ýerleşdirmek mümkin. Awtoulagyň howa garşylyk koeffisienti 0,25 bolup, bu batareýaly Volvo awtoulaglarynyň arasynda rekord görkezijidir. Täze model kompaniýanyň EX90-dan soň SPA2 arhitekturasyna esaslanýan ikinji awtoulagy bolup durýar. ES90-nyň esasy wersiýasy 245 at güýjüni öndürýän elektrohereketlendiriji bilen üpjün edilýär. Onuň 92 kWt⋅sag batareýasy bar we bir gezeklik zarýad bilen 645 kilometr ýol geçmäge mümkinçilik berýär. Orta derejeli wersiýada jemi 442 at güýjüni öndürýän iki hereketlendiriji bar, onuň batareýasynyň göwrümi 106 kWt⋅sag bolup, bir gezeklik zarýad bilen geçýän ýoly 700 kilometre ýetýär. Flagman wersiýasynda şol bir batareýa ulanylyp, 670 at güýjüni öndürip bilýär we ol 100 km/sag tizlige bary-ýogy 4 sekuntda ýetýär. 800 woltly arhitektura batareýany 10%-den 80%-e çenli bary-ýogy 20 minutda zarýadlamaga mümkinçilik berýär. 350 kWt çenli zarýad toguny kabul etmek bilen, ES90 bary-ýogy 10 minutda 300 kilometre çenli ýol üçin ýeterlik energiýa bilen üpjün edilýär. ES90 täze Google hyzmatly media ulgamyny, 14,5 dýuýmlyk dik ekrany, dört zonaly howa sazlaýjy ulgamy, Bowers&Wilkins brendiniň 25 sany dinamikasyny hem-de sürüjiniň kömekçi tehnologiýalaryny öz içine alýar. Ulagda bir lidar, bäş sany radar, ýedi sany kamera we 12 sany datçik bar. Kompaniýa heniz ES90-nyň bahasyny resmi taýdan yglan etmedi. Mundan başga-da ES90-nyň hasaplaýyş kuwwaty boýunça hem Volvo-nyň elektrik awtoulaglarynyň arasynda rekord goýandygy mälim edildi: awtoulagyň dolandyryş ulgamy iki sany Nvidia Drive AGX Orin çibinden ybarat bolup, olaryň her biri sekuntda 508 trillion amaly ýerine ýetirip bilýär.