YouTube tölegi aýda 8 dollar bolan, Premium Lite atly täze abunalyk hyzmatyny ABŞ-da işe girizdi. Bu hyzmat aýdym-saz wideolaryndan galan ähli wideolarda mahabatlary aýyrýar diýip, «Reuters» habar berýär. Premium Lite hyzmaty aýdym-saz wideolaryny köp görmeýän ýa-da diňlemeýän müşderiler üçin niýetlenendir. Şeýle-de ähli wideolardan mahabatlary aýyrýan 14 dollarlyk YouTube Premium abunalygy we diňe aýdym-saz wideolaryny mahabatsyz görmek isleýänler üçin bolsa aýratyn 11 dollarlyk abunalyk hyzmaty dowam edýär. YouTube-yň inženerçilik boýunça wise-prezidenti Jon Harding täze meýilnamanyň esasy maksadynyň «has giň ulanyjylar toparyny» öz içine almakdygyny aýtdy. Olaryň köpüsi adaty ýagdaýda YouTube üçin töleg tölemäge isleg bildirmeýänlerden ybaratdyr. «[YouTube-yň] aýdym-saz mazmunyna zerurlyk duýmaýan ulanyjylara laýyk gelýän hyzmaty döretmändik, şonuň üçin bu üýtgeşmeleri girizdik» — diýip, YouTube Premium-yň önüm boýunça müdiri Jek Grinberg belläp geçdi. Çarşenbe güni YouTube, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda 100 million bolan tölegli abunalarynyň sanynyň 125 milliondan geçendigini habar berdi. YouTube girdejisiniň esasy bölegini mahabatlardan gazanýar – geçen ýyl bu görkezijiniň 36 milliard dollar bolandygy mälim edildi.