7-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatynyň çägindäki hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berip, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar ýakynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary we iň ýokary derejelerdäki duşuşyklar boýunça pikir alyşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir