6-njy martda Fransuz Gwianasyndaky Kuru kosmodromyndan Ariane 6 agyr raketasynyň ilkinji täjirçilik uçuşy amala aşyryldy. Raketa uçuş maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirip, Ýewropanyň garaşsyz kosmos missiýalaryna taýýardygyny tassyklady diýip, Ýewropanyň kosmos agentligi habar berdi. Ariane 6 üçin bu taryhda ikinji we ilkinji täjirçilik uçuşy boldy. Raketa köne Ariane 5-iň ornuny çalyşýar. 2024-nji ýylyň iýul aýyndaky uçuş bölekleýin üstünlikli diýlip hasaplandy: sebäbi raketa göterijisiniň ýokarky basgançagyny hereketlendirijileriň işlemändigi sebäpli orbitadan çykarmak başartmady. Täze uçuş 2024-nji ýylyň ahyryna meýilleşdirildi, ýöne ol diňe häzir amala aşyryldy. Ilkibaşda uçuş 3-nji martda geçirilmelidi, ýöne uçuş meýdançasyndaky ýerüsti enjamlaryň doly taýýar däldigi sebäpli, onuň möhleti yza süýşürildi. 6-njy martda raketa CSO-3 hemrasyny 800 kilometrlik orbita çykardy we şonuň bilen Fransiýanyň Harby-howa güýçleri üçin üç sany şeýle enjamdan ybarat toparyň emele gelmegini tamamlady. “Bu uçuş – yzygiderli Ariane 6 missiýalarynyň başlangyjy” – diýip, agentlik belledi. 2025-nji ýylda ýene dört uçuş, şol sanda iki tizleşdirijiniň deregine dört tizleşdirijili uçuş meýilleşdirilýär. Ariane 6 raketasy kosmos uçuşlary meselesinde Ýewropanyň ABŞ-a garaşsyzlygyny azaltmagyna kömek eder – häzir Ýewropa enjamlaryny kosmosa çykarmak üçin SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketalary ulanylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir