Ýaponiýanyň Kioto şäherinde ýerleşýän, laboratoriýa enjamlaryny we ölçeg gurallaryny öndürýän «Shimadzu Corporation» kompaniýasy, wagtyň takyklygyny «on milliard ýylyň dowamynda diňe bir sekunt ýalňyşlyk» bilen görkezip bilýän sagady 3,3 million dollardan satuwa çykardy diýip, «Bloomberg» neşiri ýazýar. Stronsiýaly optiki gözenekli sagat öz görnüşinde açyk satuwa çykarylan ilkinji model bolup durýar. Ol Tokio uniwersiteti we Riken ylmy barlag instituty bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Enjam häzirki wagtda, sekunt ölçeg birligini kesgitleýän seziý atom sagatlaryndan, takmynan, ýüz esse has takykdyr. Ýakyn wagtda 150 ýyllygyny bellän Shimadzu kompaniýasy, Ýaponiýany ylmy ösüşde we öňdebaryjy tehnologiýalarda dünýä liderine öwürmegi maksat edinýändiklerini belläp geçýär. Kompaniýa 5-nji martdan başlap sagatlaryň satuwyna girişer we üç ýylyň dowamynda Ýaponiýada hem-de daşary ýurtlarda jemi 10 sanysyny satmagy meýilleşdirýär. Öndüriji bu sagatlaryň öňdebaryjy ylmy gözlegler üçin ulanylmagyna garaşýar. Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, mundan hem takyk sagatlary işläp düzmek üçin barlag işlerine dowam edilýär. Iň takyk sagatlar dünýäde 1950-nji ýyllarda peýda bolup başlapdy. Olar takyklygy üpjün etmek üçin −273°C derejä (absolýut nola) çenli sowadylan seziý atomlary bilen işleýär. Seziýniň atomy täze energiýa derejesine geçende, elektromagnit şöhlelenmesini öndürýär ýa-da siňdirýär. Şol geçişleriň ýygylygy sagadyň wagtyny kesgitlemek üçin ulanylýar. Atom sagatlarynyň takyklygy 300 million ýylyň dowamynda diňe 1 sekunt ýalňyşlyk bilen çäklenýär. Häzirki wagta çenli döredilen iň takyk sagat ABŞ-da öndürilen Quantum Logic Clock atom sagatlary diýlip hasaplanylýardy. «Bathys Hawaii» amerikan kompaniýasy 2013-nji ýylda gaz halyndaky seziý-133 elementi bilen doldurylan kapsulaly atom bilezik sagatlaryny hödürläpdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir