Arkadag şäheriniň ähli ilaty we ýurdumyzyň atşynaslary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna täze şähere çenli uzaýan ýoly “Ahalteke atlary” şaýoly diýip atlandyrmak baradaky haýyşlary bilen ýüz tutdular. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow türkmen halkynyň Milli Liderine habar berdi. 6-njy martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde täze şähere tarap barýan ýoluň ugrundaky köpzolakly halkalaýyn ýola baryp gördi. Bu ýerde D.Orazow täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işler we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň enjamlaşdyrylyşy, aýratyn-da, aýlawly ýoldan Arkadag şäherine çenli uzaýan köçäniň durkuny täzelemek, ony düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan taslamalar, ýoluň yşyklandyryş ulgamyna degişli sütünleriň görnüşleri barada hasabat berdi. Görkezilen şekil taslamalarynyň hatarynda Arkadag şäherine çenli uzap gidýän ýoluň umumy görnüşi, onuň ugrunda ekilmegi meýilleşdirilýän baglaryň, teklip edilýän ýol belgileriniň, mahabat hem-de yşyklandyryş ulgamyna degişli sütünleriň görnüşleri bar. Şeýle hem ýol ýakalarynda oturdyljak heýkeller barada giňişleýin hasabat berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Täze şähere çenli uzaýan ýoly “Ahalteke atlary” şaýoly diýip atlandyrmak meselesi boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisine degişli teklibiň ugradylmalydygyny we ony Mejlisiň oňlan halatynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça degişli resminamanyň taýýarlanyljakdygyny aýtdy we birnäçe maslahatlaryny berdi.