Dünýä binagärliginde esasy sylag hasaplanýan Pritsker baýragyna şu ýyl hytaýly 69 ýaşly Lýu Szýakun mynasyp boldy. Bu barada baýragyň resmi web sahypasynda habar berildi. Szýakunyň ýolbaşçylyk edýän «Jiakun Architects» binagärlik býurosy 40 ýylyň dowamynda tutuş Hytaý boýunça 30-dan gowrak desgany – akademik we medeni edaralardan başlap, jemgyýetçilik giňişliklerine çenli proýektirlediler. «Arhitekturanyň çalt özgerýän jemgyýetçilik we ekologiýa kynçylyklaryna laýyk çözgüt tapmak üçin jan edýän wagty, Lýu Szýakun ynandyryjy jogaplary berdi. Onuň işleri adamlaryň gündelik durmuşyny, jemgyýetçilik we ruhy şahsyýetini şöhratlandyrýar» — diýip, kompaniýanyň beýanatynda aýdylýar. Pritsker baýragy 1979-njy ýyldan bäri gowşurylýar. Baýrak bilen bilelikde ýeňijä 100 müň dollar pul sylagy hem berilýär. Lýu Szýakun bu baýragy alan taryhda ikinji hytaýly binagär boldy. Ilki bilen bu sylaga 2012-nji ýylda Wan Şu mynasyp bolupdy.