Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen “Talyp gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi. 5-nji martda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda, Baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýlar Çaryýewa mynasyp boldy. Bäsleşigiň dowamynda çykyş edýän talyp gyzlar ýörite meýilnama boýunça dürli tapgyrlarda bäsleşip, iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilşini görkezdiler. Bäsleşigiň ahyrynda baýrakly orunlara eýe bolan hem-de bäsleşige işjeň gatnaşan talyp gyzlara Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir