ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bitkoinleriň strategiki ätiýaçlygyny we beýleki kriptowalýutalary öz içine aljak sanly aktiwleriň ätiýaçlygyny döretmek barada permana gol çekdi. Olaryň ikisinde-de jenaýat we raýat işleriniň çäklerinde federal hökümet tarapyndan ele salnan kriptowalýutalar saklanar diýlip, Ak tamyň habarynda aýdylýar. Tramp tarapyndan “Ak tamyň kripto şasy” wezipesine hödürlenen PayPal-yň öňki operasion müdiri Dewid Saks ätiýaçlyklaryň döredilmeginiň “salgyt töleýjilerden bir sent hem talap etmejekdigini”, sebäbi hökümetiň kriptowalýutany satyn almagy meýilleşdirmeýändigini aýtdy. Onuň hasabyna görä, ABŞ-nyň häkimiýetlerinde eýýäm 200 müň töweregi bitkoin bar, bu bolsa häzirki hümmet boýunça 17,6 mlrd dollara deňdir. Ätiýaçlyklaryň döredilendigi baradaky habardan soň kriptowalýuta bazary pese gaçyş bilen ýüzbe-ýüz boldy. CNBC-niň maglumatlaryna görä, bitkoin 3%, 87,6 müň dollardan 84,7 müň dollara çenli peseldi. Ethereum 2%, Ripple (XRP) we Solana (SOL) bolsa, degişlilikde, 1% we 3% pese düşdi, Cardano bahasyndan (ADA) 13% ýitirdi. 2-nji martda Tramp ätiýaçlygyň hut şu tokenleri öz içine aljakdygyny habar beripdi. Şu gün Ak tamda taryhda ilkinji kriptowalýuta sammitini geçirmek meýilleşdirilýär we onda Trampyň sanly aktiwler boýunça täze syýasat barada giňişleýin maglumat bermegine garaşylýar. Ýatlap geçsek, saýlawdan öňki kampaniýanyň dowamynda Tramp kriptopudagy ençeme gezek goldap, diňe bir ätiýaçlyk gorlaryny döretmegi däl, eýsem ABŞ-ny “dünýäniň kriptowalýuta paýtagtyna” öwürmegi wada beripdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir