Ilon Maska degişli bolan X kompaniýasy 2024-nji ýyly 2,6 mlrd dollar girdeji bilen tamamlady, bu bolsa 2023-nji ýyldaky 2,96 mlrd dollar derejeden pesdir. Şol bir wagtyň özünde X 1,4 mlrd dollar möçberde düşewünt almagy başardy diýip, sosial ulgamyň maliýe görkezijilerine elýeterli bolan Bloomberg agentligi habar berýär. Belläp geçsek, 2021-nji ýylda, Mask Twitter-i satyn almazdan ozal, kompaniýa ýitgili bolup galsa-da, 5,1 mlrd dollar möçberde girdeji gazanýardy. X-iň karz borçlary meseleli bolup galýar: olar girdejiden dokuz esse ýokary bolup, bank pudagynda kabul edilen kadalaryň çäginden çykýar. Muňa garamazdan, X-iň kapitalizasiýasy 44 mlrd dollara çenli ýokarlandy, bu bolsa Maskyň 2022-nji ýylda Twitter-i satyn alan wagtyndaky derejä gabat gelýär. xAI kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk X-e hem peýda, hem çykdajy getirýär. Mysal üçin, xAI kompaniýasy X-e 65 mln dollar ygtyýarnama tölegini geçirip, 200 mln dollardan gowrak goşmaça girdeji bilen üpjün etdi. Ýöne xAI üçin gymmat bahaly tizleşdirijileri satyn almak üçin X ep-esli pul sarp etdi, bu hem onuň erkin pul serişdelerini 1,4 mlrd dollardan 400 mln dollara çenli azaltdy. Maskyň syýasy işi käbir mahabat berijileri özüne çekip, beýlekileri bolsa ürküzip, X-e ters täsir edýär. Muňa garamazdan, Amazon, Apple, Kraft Heinz we Stellantis NV ýaly kompanialar öz mahabatlaryny platforma goşdy, bu bolsa maliýe akymyny güýçlendirip, berginiň üzülmegine kömek etmeli.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir