Häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisinde raýatlaryň hukuklaryny goramak, kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek, awtomobil ulagy, ykdysadyýetiň käbir pudaklarynyň işiniň hukuk esaslaryny berkitmek bilen baglanyşykly hereket edýän birnäçe kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 21-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa aýtdy. Ol ýurdy mundan beýläk-de ösdürmek, kabul edilýän maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak, halkyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunda Mejlisiň deputatlarynyň türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda gazanan üstünlikleriniň, tutuş adamzadyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek bilen bagly geçirilýän çärelere gatnaşýandyklary barada hem aýdyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek işlerini döwrebap alyp barmagyň wajypdygyny belledi.