Apple kompaniýasy geljekki AirPods-y kiçijik infragyzyl kameralar bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu kameralar surata düşmek üçin ulanylmaz. Olaryň esasy maksady - iPhone-daky Face ID-de ulanylýan datçikler ýaly işlemekdir diýip, Bloombergden Mark Gurmana salgylanýan MacRumors ýazýar. Insaýder Ming-Çi Kuonyň berýän maglumatlaryna görä, şeýle AirPods-laryň köpçülikleýin önümçiligi 2026-njy ýylda başlar. Apple eýýäm zerur tehnologiýalary patentledi. Bu datçikler AirPods-a ulanyjynyň ýagdaýyny yzarlamaga we giňişlikdäki sesiň hilini, esasanam, Apple-iň Vision Pro gulaklygy bilen jübütlenende, ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, infragyzyl kameralar howadaky yşaratlaryň kömegi bilen AirPods funksiýalaryny dolandyrmaga mümkinçilik berer. Eger Apple-iň meýilnamalary üýtgemese, infragyzyl kameraly täze AirPods 2026-njy ýa-da 2027-nji ýylda satuwa çykyp biler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir