Firefly Aerospace kompaniýasy Blue Ghost Aýa gonuş moduly tarapyndan düşürilen Ýeriň täze suratyny görkezdi. Bu enjam kosmosa 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda uçuryldy. Häzir Blue Ghost meýilleşdirilen traýektoriýasy boýunça üstünlikli uçýar. Ol käbir gurallarynyň işleýşini barlady we orbitasyny düzetmek üçin hereketlendirijisini iki gezek işletdi. Blue Ghost 2025-nji ýylyň 10-njy fewralyna çenli Ýeriň daşyndaky orbitada galar. Şondan soň ony Aýyň orbitasyna gönükdirjek öwrümi eder. Hemranyň üstüne 2025-nji ýylyň 2-nji martynda gonmak meýilleşdirilýär. Gonjak meýdançasy Çökgünlikler Deňzi diýlip atlandyrylýan sebitdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir