Samsung kompaniýasy täze Galaxy S25 we S25+ flagman smartfonlaryny hödürledi. Olar dizaýn taýdan öňki modellere meňzeýär. Esasy üýtgeşmeler bolsa programma üpjünçiliginde we emeli aň funksiýalarynda gizlenýär. Galaxy S25 täze hatarda 6,2 dýuým ekranly iň kiçi smartfon. S25+ 6,7 dýuým ekrana eýe boldy. Smartfonlaryň ikisinde-de täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan displeý bar we Gorilla Glass Victus 2 aýnasy bilen goralýar. Iki telefon hem adaty wersiýa bilen deňeşdirilende kämilleşen Snapdragon 8 Elite for Galaxy prosessory bilen enjamlaşdyryldy. Modelleriň ählisinde 12 GB operatiw ýat we 128, 256 ýa-da 512 GB içerki ýat bar. Olar One UI 7 interfeýsi bilen Android 15-de işleýär. Samsung operasion ulgamyň we howpsuzlygyň 7 ýyl täzelenmesini wada berýär. Täze modelleriň esasy aýratynlygy Galaxy AI emeli aň funksiýalary boldy. Ulanyjylara suratlar üçin “Akylly redaktor”, wideo üçin “Çalt montaž”, “Teksti dörediji” we “AI surat” elýeterlidir. Mundan başga-da, 2 TB bulut saklaýjysy bilen bilelikde Gemini Advanced üçin 6 aý ýazylyşyk hödürlenýär. Smartfonlaryň kameralar ulgamy öňküligine, üç ýyl ozalky S22 ýaly galdy: f/1.8 optika bilen esasy 50 Mp modul, 12 Mp giňburçly kamera we üç esse zum bilen 10 Mp teleobýektiw. Esasy we telefoto-kameralar optiki durnuklaşdyrma eýedir. Ähli Galaxy S25-de frontal kameralar 12 Mp. Akkumulýatoryň sygymy hem üýtgemedi. Galaxy S25 25 Wt zarýad beriş bilen 4000 mA/sag batareýa, S25+ bolsa 45 Wt çalt zarýad beriş bilen 4900 mA/sag batareýa eýe. Ikisi-de 25 Wt kuwwatly Qi2 Ready simsiz zarýad berşi goldaýar. Korpus IP68 ülňüsi boýunça tozandan we suwdan goragly. Modelleriň ikisi-de goýy gök (Navy), kümüşsöw (Silver Shadow), ak-gök (Icy Blue) we ýaşyl (Mint) reňklerde elýeterli bolar. ABŞ-da satuw 7-nji fewralda başlaýar. ABŞ-da Galaxy S25 128 GB üçin 799 dollar, 256 GB üçin 859 dollar. Galaxy S25+ alyjylara 256 GB üçin 999 dollara, iki esse uly ýatly wersiýa üçin 1119 dollara düşer.