Mercedes-Benz E-Class 2025 üç hatar oturgyçly alty metrlik täze görnüşde hödürlener. Onuň nusgasy Binz nemes kompaniýasy tarapyndan geçirilýän synaglar wagtynda göze ildi. Bu kompaniýa Mercedes awtoulaglaryny ýörite maksatlar üçin ulanmak boýunça täzeden işlemek bilen tanalýar diýip, Carscoops habar berýär. E-Class-yň esasynda döredilen awtoulagyň gabarasy, hatda flagman S-Class-yňkydan hem uly bolar. Kompaniýa bu görnüşdäki iň soňky limuzini 2010-njy ýylda öndürmek bilen, adaty sedany 1,13 metre çenli uzaldypdy. Täze wersiýa sowutlama örtmegi hem goşmak bilen, giň personal mümkinçiliklerini hödürlär. Alty gapyly nusga 201 at güýjüni öndürýän 2,0 litrlik we torky 320 Nm bolan turbo görnüşli dört silindrli hereketlendiriji bilen işleýär. Bu hereketlendiriji adaty E200 modeline 7,5 sekuntda 100 km / sag-a çenli tizlenmäge we sagatda 240 km aňrybaş tizlige ýetmäge mümkinçilik berýär. Goşmaça üçünji hatar oturgyçly görnüşi korporatiw we hökümet pudaklaryna, şeýle hem giňişlige we rahatlyga aýratyn gadyr goýýan müşderilere niýetlenendir. Binz Mercedes-i tiz kömek, serkerde, döwlet, ýas ulaglaryna we limuzinlere öwürmeklige ýöriteleşendir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir