Unitree kompaniýasy özüniň akgynly ýöreýşi we ylgawy bilen tapawutlanýan täze G1 robotyny hödürledi. Işläp düzüjiler G1-iň muny beýleki ýaranlaryna garanyňda has tagaşykly ýerine ýetirýändigini nygtaýar. Robot ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryldy. Çalt aýryp bolýan akkumulýatorynyň netijesinde, eger zerur wagty batareýany çalyşsaň, ol bütin günüň dowamynda işläp biler. Bir zarýadda ol iki sagat töweregi hereket eder. Robotyň boýy 130 santimetre, agramy 35 kilograma barabar. Robotyň giňişlikde ugruny kesgitlemegi we böwetler bilen çaknyşmazlygy üçin, oňa daş-töweregiň kartasyny döredýän 3D lidar oturdyldy. Mundan başga-da, G1-iň dürli ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin barmakly elleri bar. Unitree bu robotlary önümçilikde, mysal üçin, awtozawodlarda gurnama hatarlarynda ulanmagy meýilleşdirýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir