Hindistanly blogger Tanuşri gymmat bahaly sport enjamlaryny ulanmazdan we berk berhiz saklamazdan 37 kilogram horlanmagyň hötdesinden geldi diýip, The Times of India neşiri habar berýär. Çagasyny dünýä inderenden soň ýaş ene gormonal deňagramsyzlyk bilen ýüzbe-ýüz bolup, onuň agramy 85 kilograma ýetdi. Tanyş-bilişleriň dynuwsyz bellikleri we öz keşbinden razy bolmazlygy ony emosional çökgünlige eltýärdi. Fitnes merkezine gatnamaga mümkinçiligi bolmansoň, ugurtapyjy hindi zenany öýüni sport zalyna öwürdi. Ol professional gantelleriň ýerine suw doldurylan plastik çüýşeleri ulanýardy. Her gün bir sagatlap ýerine ýetirýän maşklarynyň düzüminde ýoga, kardio we güýç beriji maşklar bardy. Iýmitlenişini hem düýpgöter üýtgetdi. Tiz tagamlardan (fast food) we dükan önümlerinden doly ýüz öwürmek onuň sagdyn durmuş ýoluna atlanmagynyň ýene bir ädimi boldy. Ynam we yzygiderlilik görnetin netijeler getirdi – ol 37 kilogram horlandy. Tanuşriniň iň uly açyşy, özüni başga biri bilen deňeşdirmegiň manysyzdygyny we üstünlik gazanmagyň syrynyň diňe öz saglygy barada alada etmelidigini aňlamagy boldy. Häzirki wagtda daşky keşbi gaty üýtgän blogger sosial torlarda öz tejribesini paýlaşyp, beýleki adamlara güýçli türgenleşiksiz we berk iýmit çäklendirmesiz nädip horlanmaly diýlen temalarda goldaw berýär.