Apple ýylyň jemi boýunça ýene-de dünýäniň iň gymmat brendi boldy. Bu barada Brand Finance Global 500 gözleginde habar berilýär. Apple brendiniň bahasy bir ýylda 11% - 574,5 mlrd dollara çenli ýokarlandy. Reýtingde ikinji orny bir ýylda 35% ($461,1 mlrd çenli) ösüş görkezen Microsoft, üçünji orny 24% ($413 mlrd çenli) ösüş bilen Google eýeledi. Dördünji orunda Amazon (+15%, $356,4 mlrd çenli) ýerleşdi. Walmart brendi altynjy orundan bäşinji orna çykdy, onuň bahasy 42% ýokarlanyp, 137,2 mlrd dollar boldy. Şeýle-de, iň gymmat brendleriň ilkinji onlugyna Samsung, TikTok, Facebook, Nvidia we State Grid Corporation of China girýär. Nvidia brendiniň bahasy bir ýylda tas iki esse ýokarlandy. Ýewropanyň iň gymmat brendi umumy reýtingde 11-nji orny eýelän Deutsche Telekom (+16%, $85,3 mlrd) boldy. Ýapon brendleriniň arasynda öňdebaryjy Toyota (18-nji orun) bolup, onuň bahasy 23%, 64,7 mlrd dollara çenli ýokarlandy. Soňky ýylda bahanyň rekord ösüş depginini e& (öňki Etisalat, BAE-den internet üpjün edijisi) brendi görkezdi. Onuň bahasy sekiz esse ýokarlanyp, 15,3 mlrd dollara ýetdi. Top-500-e 193 sany amerikan brendi girdi we umumy bahanyň ýarysyndan gowragy şolaryň paýyna düşýär diýlip, habarda bellenilýär. Sanawda Hytaýyň 69 brendi, Germaniýanyň 27 brendi bar. Geçen ýyl dünýäniň iň gymmat 500 brendiniň umumy bahasy 10% ýokarlanyp, tas 9,5 trln dollara ýetdi. Brand Finance-iň dokuzynjy ýyllyk gözlegi 41 ýurtdan we 31 pudakdan 6 müňden gowrak brend barada maglumatlary öz içine alýar. Pikir soraşma 175 müňden gowrak adam gatnaşdy.