21-nji ýanwarda Günüň üstünde güýçli M derejeli alawlama ýüze çykdy. Bu barada Amaly geofizika institutyna (FGBU “IPG”) salgylanýan TASS habar berýär. 48 minutlap dowam eden M3.3 klasa degişli alawlama Günüň 3967 (S17E23) tegmiller toparynda Aşgabat wagty bilen 15:39-da rentgen diapazonynda hasaba alyndy. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Gün-Ýer fizikasy institutynyň web sahypasyndaky maglumata görä, Günüň üstünde iň ýokary derejeli iki işjeň merkez (3961we 3964) emele geldi. Olaryň ikisi-de Ýere täsir ediş zolagyndadyr, ýöne entek alawlama döretmeýär.