Bütindünýä ýadygärlikler gaznasy Aýy howp astyndaky medeni miras obýektleriniň sanawyna goşdy. The New York Times neşiriniň ýazmagyna görä, Aý kosmos syýahatçylygyndan we hemrada alnyp barylýan işlerden zyýan çekýär. Gaznanyň prezidenti we ýerine ýetiriji müdiri Benedikt de Monlor 90-dan gowrak möhüm obýektiň howp astyndadygyny belledi. Olaryň arasynda Rahatlyk bazasy hökmünde tanalýan “Apollon-11” modulynyň Aýa gonan ýeri we Nil Armstrongyň düşen ýeri bar. Monlor hemranyň hiç kime degişli däldigi we halkara derejesinde degişli düzgünleriň ýokdugy sebäpli, uçuşlary we Aýda alnyp barylýan işleri düzgünleşdirmegiň kyndygyny belleýär. Mundan başga-da, ABŞ, Russiýa we Hytaý ýaly öňdebaryjy kosmos güýçleriniň täsiri çäksiz bolmagynda galýar, çünki Aýda we beýleki asman jisimlerinde döwletleriň işi barada gol çekilen şertnamalar ýok. Ýene bir mesele asman jisiminiň üstünde hemişe adamzat medeniýetini görkezýän artefaktlaryň galdyrylmagydyr. Şeýle-de bolsa, gaznanyň pikiri bilen hemmeler ylalaşmaýar. Astronawtlar we bu ugurda beýlek hünärmenler ylmy missiýalaryň we kosmos syýahatçylygynyň Aýdaky taryhy ýerlere täsirini ýetirmeýändigini belleýär. Belläp geçsek, Aýdan başga-da, weýran bolmak we ýitmek howpy abanýan obýektleriň sanawynda Peruwdaky gadymy Maçu-Pikçu şäheri, Keniýanyň kenarýakalary, Ýemendäki Taiz şäheri, Kambojadaky ybadathanalar we beýlekiler bar.