Halkara alymlar topary Marsda hereket edýän Curiosity enjamyndan alnan maglumatlaryň kömegi bilen bu planetada bir wagtlar suwly kölleriň bardygyny subut edýän delilleri tapdylar. Bu barada Science Advances žurnalynda çap edilen barlagda aýdylýar. Curiosity enjamy Geýl kraterindäki daşly gatlaklarda tolkunlaryň we ýeliň netijesinde ýalpak suw howdanlarynda emele gelýän yzlara meňzeş kiçi tolkun yzlaryny ýüze çykardy. “Tolkunlaryň şekili suwly kölleriň bolandygyny we olaryň ýeliň täsirinde bolandygyny anyk görkezýär” diýip, barlagyň baş awtory, Kaliforniýanyň tehnologiýa institutyndan Kler Mondro belleýär. Tolkun görnüşli kiçi gurluşlar, takmynan, 6 millimetr beýiklikde we biri-birinden 4-5 santimetr uzaklykda ýerleşýär. Alymlar bu tolkunlaryň 2 metr çuňlugy geçmeýän suwuň astynda emele gelendigini çaklaýarlar. Ownuk tolkun yzlary inçe çägeli meýdanlarda kiçi tolkunlaryň täsiri bilen döreýär, bu maglumatlar kölüň o diýen bolmandygyny görkezýär. “2004-nji ýyldaky ilkinji Opportunity we Spirit missiýalaryndan bäri, biz Marsda gadymy kölleriň barlygyna degişli delilleri gözleýärdik. Ine, ahyrynda olara duş geldik” diýip, barlagyň ýolbaşçylarynyň biri Jon Grotzinger aýdýar. Alymlar iki dürli daşly gatlaklarda tolkun yzlaryny ýüze çykardylar – bu suw howdanlarynyň dürli döwürlerde bar bolandygyny görkezýär. “Prou” diýlip atlandyrylýan yzlar çägeli meýdanda ýeliň täsiri bilen emele gelipdir. “Amapari” diýlip atlandyrylýanlar bolsa kölüň suwunyň 2 metre ýetmedik çuňlugynda döräpdir. Bu ýerlerdäki suw yzlary 3,7 milliard ýyl ozal emele gelipdir. Ozal, Marsyň şol döwürde sowuk we gurak bolandygy çaklanylýardy. Emma täze maglumatlar, ergin suwuň Marsda has uzak wagtdan bäri bardygyny görkezýär.