Huawei kompaniýasy elektrikli awtoulaglary zarýada goýmagy aňsatlaşdyrmak üçin täze robot goly hödürledi. Zarýad kabelini ulagyň zarýad nokadyna özbaşdak baglap bilýän robot gol şu ýylyň ikinji çärýeginde ähli zarýad stansiýalarynda we ýangyç beketlerinde ornaşdyrylyp başlar diýip, CarNewsChina neşiri habar berýär. Täzelenen zarýad stansiýasynyň işleýşini synamak maksady bilen, Maextro S800 modeli ulanyldy. Bu ulag zarýad nokadyna özüni özbaşdak park edip bilýär, ýöne zarýad kabelini baglamak üçin ulagdan düşmeli bolýardy. Wideodan görnüşi ýaly, robot gol eýesini ulagdan düşürmezden, zarýad kabelini awtomatiki usulda baglap, ulagy zarýada goýmagy başardy. Huawei kompaniýasy bu tehnologiýany 600 kWt kuwwatly iň güýçli zarýad stansiýasynda görkezdi. Bu stansiýa 100 kWt/sagat göwrümli batareýany bary-ýogy 10 minutda zarýadlaýar. Täze robot goly 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde köpçülikleýin ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär. Bu stansiýalarda BYD, Xpeng, Li Auto, Aito, JAC we Great Wall ýaly dürli awtoulaglar hem zarýad alyp bilerler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir