Amerikanyň astronomiki jemgyýetiniň 245-nji mejlisinde «Hubble» teleskopyny dolandyrýan institutyň (STScI) wekilleri ýakyn ýyllarda maliýeleşdirmäniň azaldyljakdygyny habar berdi. NASA-nyň 2026-2028-nji ýyllar üçin býujet meýilnamasyna laýyklykda, teleskopyň ýyllyk maliýeleşdirilişi 83-87,8 million dollara çenli peseldiler diýip, SpaceNews neşiri habar berýär. «Hubble» teleskopy missiýasynyň wagtlaýyn ýolbaşçysy Juliýa Roman-Dýuwal maliýeleşdirmäniň 20%-den gowrak azaldyljakdygyny we munuň 35 ýyllyk obserwatoriýanyň işine düýpli täsir etjekdigini aýtdy. “Bu býujet bilen biz işimize öňküsi ýaly dowam edip bilmeris” diýip, Roman-Dýuwal nygtady. NASA 2025-nji ýyldaky maliýeleşdirmäni 89 million dollara çenli azaltmagy meýilleşdirýär. Bu maliýe kynçylyklary sebäpli, 2024-nji ýylyň mart aýynda esasy maglumatlar we neşirler NASA-nyň internet sahypasyna geçirilip, hubblesite.org web saýty ulanyşdan galdyryldy. 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda bolsa teleskopyň sosial torlardaky sahypalary ýapyldy. Şeýle-de, ylmy grantlar üçin býujet 30 million dollardan 15,9 million dollara çenli peseldiler. Maliýe ýetmezçiligi sebäpli teleskopyň işgärleriniň sany azalýar. Bu ýagdaý taslamanyň töwekgelçiligini ýokarlandyrýar, sebäbi hünärmenler kynçylyklary çözmekde esasy orny eýeleýär. “Hut şol hünärmenler garaşylmadyk meseleleri çözüp, näsazlyklary düzedýärler. Olaryň ýoklugy taslamanyň ejizligini ep-esli artdyrar” diýip, Roman-Dýuwal düşündirdi. Tehniki kynçylyklara garamazdan, teleskop häzir hem işini dowam etdirýär. STScI-nyň direktory Jennifer Lotsyň bellemegine görä, «Hubble» ylmy işleriň netijeliligini soňky 10 ýylda 30% artdyrdy, inflýasiýa bolsa býujeti şonça azaltdy. Hünärmenler «Hubble» bilen bagly maliýe kynçylyklarynyň «James Uebb» teleskopyna hem täsir edip biljekdigini aýdýarlar. “Inflýasiýanyň täsiri hakykat, NASA-nyň býujeti çäklendirilen we JWST-ni goldamak üçin töwekgelçilikler eýýäm oktýabr aýyndan başlap ýüze çykyp biler” diýip, Lots sözüni jemledi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir