Microsoft Windows 11 üçin Paint grafiki redaktoryny täzeledi we emeli aň (AI) bilen işleýän, obýekt we fon aýyrýan täze funksiýalary goşdy diýip, TechSpot habar berýär. Ozal bu gurallaryň ikisi hem Qualcomm Snapdragon X çipleri ýa-da häzirki Intel Core Ultra 200 we AMD Ryzen AI 300 prosessorlary bolan kompýuterlerde bardy, sebäbi aýratynlyklar AI bilen işleýär. Indi täze funksiýalar Windows 11-li köne kompýuterlerde-de işleýär. "Generatiw aýyrmak" suratdaky gerekmejek zatlary el bilen saýlamaga we aýyrmaga mümkinçilik berýär. Programma şekile görä sazlaşdyryp, boş ýeri awtomatiki doldurýar. “Fonuny aýyrmak” dury fonly şekilleri döretmegi aňsatlaşdyrýar. Funksiýa öňdäki hatardaky obýekti saýlap, fony arassalaýar we faýly PNG görnüşinde ýatda saklaýar. Microsoft funksiýalaryň köne enjamlarda birneme haýal işleýändigini we çylşyrymly suratlary gaýtadan işlemegiň artefaktlara sebäp bolup biljekdigini belleýär. Mysal üçin, Snapdragon X-li kompýuterinde obýektleri aýyrmak derrew ýerine ýetýär, beýleki enjamlarda bolsa bu 30 sekunt wagt alyp biler. Paint-iň täze funksiýalaryny ulanmak üçin Windows 11-i 23H2 wersiýasyny çenli täzelemeli.