25-nji dekabrda Aktau şäherinde (Gazagystan) Azerbaijan Airlines awiakomapaniýasynyň Baku-Groznyý ugry boýunça uçup barýan ýolagçy uçary heläkçilige sezewar boldy – diýip, tengrinews.kz saýty habar berýär. Deslapky maglumatlara görä, uçaryň bortunda 67 adam bar eken. Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň maglumatlaryna laýyklykda 25 ýolagçy aman galypdyr. Ýolagçylaryň arasynda birnäçe ýurduň raýatlary bar eken: 37 adam Azerbaýjandan, 16-sy Russiýadan, 6-sy Gazagystandan we 3-si Gyrgyzystandan. Groznyý howa menziliniň metbugat gullugynyň habaryna görä, uçaryň başda barmaly ýerindäki goýy ümür sebäpli ol ugruny üýtgetmäge mejbur bolupdyr. Howa gämisi ilki Mahaçkala, soňra bolsa Aktau şäherine gönükdirilipdir. Heläkçiligiň gönümel sebäbi uçaryň guş sürüsi bilen çaknyşmagy bolup biler. Wakanyň ýerinden alnan wideoýazgylarda görnüşi ýaly, heläkçilik mahaly uçar böleklere bölünipdir. Ýüze çykan ýangyn halas ediş gulluklary tarapyndan dessine söndürilipdir. Häzirki wagtda heläkçiligiň ýüze çykan ýerinde halas edijiler we derňew edaralary işleýär.