Alymlar adam bedeninde öň belli bolmadyk, wirusa meňzeş, “obeliskler” diýip atlandyrylan organizmleriň bardygyny ýüze çykardylar. Olar dünýäniň ilatynyň ýarysynyň agyz boşlugynda we içegelerinde ýaşaýarlar, ýöne olaryň bedende nähili wezipäni ýerine ýetirýändigi näbelliligine galýar. Bu ownuk tegelek RNK molekulalary bakteriýalary kolonizasiýa edýär we adam bedeninde bir ýyl töweregi ýaşaýar. Alymlar “obeliskleriň”, wiruslaryň öz hojaýynlaryna ýokuşyşy ýaly, öz bakteriýa öýjüklerini ulanyp köpelýändigini anykladylar. Mysal üçin, “obeliskleriň” belli bir görnüşi dişiň sarysynda duş gelýän Streptococcus sanguinis bakteriýasy bilen baglanyşyklydyr. "Obeliskleriň" funksiýalary näbelli bolmagynda galsa-da, barlagçylar olaryň parazit bolubam, bitarap ýa-da peýdaly organizm bolubam biljekdigini çaklaýarlar. Olaryň genomynda hünärmenler üçin aýratyn gyzyklanma döredýän, gurluşy boýunça özboluşly obulin belogy bar. “Obeliskleriň” tapylmagy alymlaryň öňünde bu organizmleriň biodürlülikdäki orny we adamyň saglygyna edýän täsiri baradaky täze sowallary goýýar. Olaryň tebigatyna we ýaýramagyna düşünmek üçin goşmaça barlaglaryň geçirilmegi zerurdyr. Alymlar bu açyşy Cell žurnalynda beýan etdiler.