Apple kompaniýasy ulanyjynyň saglygyna gözegçilik etmek üçin mümkinçilikleri goşup, AirPods nauşnikleriniň funksiýalaryny has-da giňeltmek isleýär. Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmanyň berýän maglumatlaryna görä, geljekde enjamlar ýürek urgusyny, bedeniň gyzgynlygyny we başga-da birnäçe fiziologiki görkezijileri ölçäp biler diýip, 9to5Mac habar berýär. Iň esasy zat AirPods-yň ýürek urgusyny ölçeýän datçik bilen enjamlaşdyrmagydyr. Içerki synaglaryň dowamynda Apple Watch ulanylanda şeýle ölçegleriň takyklygynyň has ýokarydygy anyklandy. Soňlugy bilen şuňa meňzeş tehnologiýa nauşniklere hem birikdiriler. Gözegçilik funksiýalarynyň belli bir tertibi bolmazdan, tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagyna garaşylýar. Şeýle hem, Apple AirPods-a kameralary goşmagyň üstünde işleýär. Bu amal öň togtadylypdy, ýöne kompaniýanyň emeli aň bilen gyzyklanmagy sebäpli, indi gaýtadan üns berlip başlandy. Taslamanyň ileri tutulýanlygyna garamazdan, Gurmanyň çaklamalaryna görä, onuň durmuşa geçirilmegi azyndan iki ýyl wagt alar.