12 günlük anonslar marafony bolan Shipmas Roždestwo aksiýasynyň soňky güni OpenAI kompaniýasy täze o3 we o3-mini emeli aň modellerini hödürledi. Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, “pikir ýöredýän” model emeli aňyň mümkinçiliklerini adam aňy bilen deňeşdirýän testlerde ýokary netijeleri görkezdi. ARC-AGI-de ol 88% netije gazanyp, şu ýylyň sentýabr aýynda hödürlenen özünden öňki o1 modelinden üç esse öňe geçdi. Täze önüm Britaniýanyň O2 telekommunikasion kompaniýasy bilen bulaşyklykdan (ýa-da haryt nyşanlarynyň dawalaryndan) gaçmak üçin o3 diýlip atlandyryldy. o3 modeli kody 22,8% çalt ýazyp, matematikada AIME 2024 testiniň ähli ýumuşlaryny üstünlikli çözüp, ýokary netijeleri görkezdi. Şeýle-de bolsa, neýroulgamyň çykaryljakdygy barada heniz gürrüň ýok. Modelleriň okadylmagy henizem dowam edýär we olaryň reliziniň takyk senesi kesgitlenmedik. Şeýle modellere “pikir ýöredýän” diýilmegi, olaryň çylşyrymly ýumuşlary tapgyrlara bölüp, öz çözgütlerini düşündirip bilmegi bilen baglanyşyklydyr. Ýöne bu proses jogap wagtyny sähel artdyryp biler diýip, OpenAI belleýär. Mundan başga-da, tehnologiýa uly hasaplaýyş kuwwatyny talap edýär, bu hem onuň ulanylmagyny gymmatlaşdyrýar. Şonuň üçin OpenAI modelleri işe goýbermezden öň doly işlemek üçin ylmy gözlegçilerden test üçin arzalary kabul etmegini dowam etdirýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 17 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir