Hytaýly inženerler dünýäniň iň uly suwasty ötügi (tunel) bolan Szinan-Huanganyň gurluşygyny tamamladylar. Täze desga iki sany dünýä rekordyny goýdy. Olar diametri (17 metr) we gurluşygynyň tizligi (110 gün) boýunça goýlan rekordlardyr diýip, New Atlas ýazýar. Ötügiň uzynlygy 3290 metre ýetýär. Ol 30 metr çuňlukdan Huanhe derýasynyň aşagyndan geçýär we 2025-nji ýylda tamamlanmagy meýilleşdirilýän 5755 metr uzynlykdaky awtoulag ýolunyň bir bölegi bolup durýar. Ozal Beýik Britaniýa bilen Fransiýany birleşdirýän we diametri bary-ýogy 7,6 metr bolan, La-Manşyň astyndan geçýän meşhur Ýewrotonnel diametri iň giň ötük hasaplanýardy. Täze ötük gurlanda hytaý inženerleri diametri 17,5 metr bolan dünýäde iň uly gazyjy maşyn bolan “Şanheni” ulandylar, onuň beýikligi bäş gatly bina bilen deňdir. Bu gurluşyň kuwwaty 7510 at güýji (5600 kWt) we çekiş güýji 35017 kNm. Gurluş gurluşyk wagtynda ýokary takyklygy üpjün edýär. Iş günde 16-18 metr tizlik bilen alnyp baryldy. Ötük basyşy durnuklaşdyrýan we işiň howpsuzlygyny üpjün edýän ýörite awtomatiki howa ýassygy ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Täze desga ulaglaryň sagatda 60 km tizlikde hereket edip biljek alty zolakly awtoulag ýolunyň bir bölegi bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir