Stounhenj Britaniýanyň gadymy jemgyýetlerini bir umumy medeni-syýasy ulgama birikdirip, olaryň agzybirliginiň nyşany hökmünde hyzmat eden bolsa gerek. Şeýle çaklamalary Londonyň Uniwersitet kollejiniň we Aberistuit uniwersitetiniň alymlary öňe sürýär diýip, The Guardian habar berýär. Professor Maýk Parker Pirson ýadygärligiň ähli daşlarynyň bu ýere aýry-aýry sebitlerden getirilendigine esaslanýar. Ýeri gelende bellesek, awgust aýynda arheologiki jemgyýet üçin üýtgeşik açyş edildi: Stounhenjiň altar daşynyň Şotlandiýadan, 750 km uzaklykdan daşalandygy anyklandy. Öň, merkezi daş 200 km uzaklykda ýerleşýän Uelsden getirilendir diýlip hasaplanýardy. “Men Stounhenje dogry nukdaýnazardan seretmedik diýip pikir edýärin. Bu Britaniýanyň halklarynyň ata-babalar we kosmos bilen ebedi baglanyşygyny alamatlandyrýan jebisliginiň ýadygärligidir” – diýip, alym belledi. Hünärmenleriň pikiriçe, altar daşy Şotlandiýada has irki ýadygärligiň bir bölegi bolup, soň syýasy birleşigiň nyşany hökmünde getirilen bolsa gerek. Stounhenjiň gurluşygy jemgyýetleriň uly birleşmesiniň bir bölegi bolup biler we muny Britaniýanyň dürli sebitlerinde giçki neolit döwrüniň jaýlarynyň binagärligindäki meňzeşlik tassyklaýar. Mundan başga-da, köpden bäri altar daşy birwagtlar dik durup, wagtyň geçmegi bilen ýykylypdyr diýlip hasaplanýardy. Ýöne Pirson Şotlandiýanyň demirgazyk-gündogarynda daşlary bilkastlaýyn göni ýatan birnäçe aýlawly desganyň bardygyny belleýär. “Indi biziň onuň gelip çykyşy barada bilýänlerimizi göz öňünde tutsak, onuň bilkastlaýyn ýata ýagdaýda gurulmagy has ynandyryjy görünýär” – diýip, alym aýdýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 17 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir